Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Etýen Berhtold bilen duşuşygy geçirildi.
Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we awstriýa-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda ähli tagallalary etjekdigini beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüş depginini bellediler.
Ýokary derejedäki gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy faktory hökmündäki ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar parahatçylygy, durnuklylygy we durnkuly ösüşi goldamak babatyndaky garaýyşlaryň meňzeşligini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Duşuşykda iki döwletiň halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygy tassyklanyldy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Halkara hukugy ýyly, 2028” atly kararnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi.
Diplomatlar medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek bagly bagly hem pikir alyşdylar.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen işjeň gepleşigi dowam etdirmäge ylalaşdylar.