Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
02 noýabr 2026
78

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde ösdürilmeginiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň dialogy dowam etdirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Ministrler sebit we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.