2018-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Zambiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Şadrek Ç. Luwita bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapynyň wekiline ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşryp, Ilçi Luwita ikitaraplaýyn gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarmakda ähli tagallalary etjekdigine taýýarlygyny bildirdi. Öndürijilikli we netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilmäni belläp, türkmen tarapy dürli derejelerdäki duşuşyklary gurnamagyň ähmiýetini belledi. Syýasy hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplar Türkmenistanyň we Zambiýanyň arasynda syýasy gepleşikleri gurnamagyň zerurlygyny bellediler.
Soňra taraplar dürli ulgamlarda özara hereketleriň mümkinçiliklerine garadylar. Işewürler duşuşyklaryny we eksport harytlarynyň sergisini gurnamak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça teklipler beýan edildi. Şeýle hem nebit we gaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalar beýan edildi. Şeýle hem oba hojalyk ulgamynda, hususan hem pagta önümçiligi boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edildi.
Hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer bölegine geçmek bilen, türkmen tarapy iki ýurtlaryň Medeniýet günlerini gurnamagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.