icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 iýul 2018

1307

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 27-nji sessiýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-11-nji iýuly aralygynda Berlin şäherinde geçirilen ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky 27-nji sessiýasyna gatnaşdy.

ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasy GFR-nyň Bundestagynda “ÝHHG-nyň çäklerinde borçnamalary ýerine ýetirmekde parlamentleriň ähmiýeti” diýen mowzuk boýunça geçirildi. Onuň işine ÝHHG-nyň 53 agza ýurdyndan 300-e golaý parlamentleriň agzalary, onlarça halkara guramalaryň wekilleri we Germaniýada işleýýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda GFR-nyň Bundestagynyň Prezidenti Wolfgang Şoýble, ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Jorj Sereteli, Germaniýanyň Wise-kansleri, maliýe federal ministri Olaf Şols we Italiýanyň ÝHHG-da başlyklyk ediji ýurt hökmünde, ýurduň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Gulýelmo Piçi dagylar çykyş etdiler.

Maslahatyň işi däp boýunça plenar mejlisleriň we üç sany komitetiň çäklerinde geçirildi, ýagny: birinjisi - syýasy meseleler we howpsuzlyk boýunça, ikinjisi - ykdysady meseleler, ylym, tehnologiýalar we daşky gurşaw meseleleri boýunça, üçünjisi – demokratiýa, adam hukuklary we ynsanperwer meseleler boýunça. Komitetlerde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler bu sessiýanyň ahyrky mejlisinde kabul edilen jemleýji rezolýusiýasyna girizildi.

Bu sessiýanyň çäklerinde Türkmen wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklara we goşmaça çärelere gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi