2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynyň binasynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Korrupsiýa garşy iş alyp barýan hukuk goraýjy edaralaryň Global toruna - GlobE ulgamyna türkmen tarapynyň goşulýandygy bellenildi we onuň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygyna ynam bildirildi.
Şeýle hem BMG-niň Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy Konwensiýasynyň we onuň üç sany goşmaça Teswirnamalarynyň hem-de BMG-niň korrupsiýa garşy Konwensiýasynyň çäklerinde göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilişine we meýilleşdirilýän işlere üns berildi.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen UNODC-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde geljekde amala aşyrylmaly ugurlar barada özara pikir alyşyldy.