2023-nji ýylyň 18-20-nji noýabrynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasynyň «ÝHHG çökgünlik döwründe: içerki we daşarky wehimlere jogap bermekde Assambleýanyň orny» şygary astynda Ýerewanda geçirilen güýzki sessiýasynyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Duşuşygyň çäklerinde çykyş etmek bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bilen bagly öňe süren halkara başlangyçlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti bu teklipleriň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň agza-döwletleri tarapyndan goldaw tapjakdygyna ynam bildirdi we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi we parahatçylyksöýüjilikli syýasaty esasynda parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny belledi.