2014-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän Energetika Hartiýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi» atly Forumy öz işine başlady.
Forumyň işine Energetika Hartiýasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, BMG-niň Ýewropa ykdysady Komissiýasy, Bütindünýä Söwda guramasy, Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça Halkara Agentligi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy, Dünýä Banky ýaly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we bilermenleri, dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan gelen energetika kompaniýalarynyň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan foruma hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, KHBS wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň açylyş dabarasyna ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt habarçylary hem çagyryldy.
Irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguzkent” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde milli Liderimiz foýede ýygnanan maslahata gatnaşyjylaryň wekiliýet baştutanlary bilen mähirli görüşdi.
Forum işine başlamazdan öň, türkmen döwletiniň Baştutany Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu maslahatyň esasy meselesine — halkara energiýa geçirijileriniň ygtybarly we howpsuz bolmagy, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlarynyň hukuk taýdan goragly bolmagy meselesine ünsi çekip, bu mesele boýunça umumylykda kabul ederlikli hemmetaraplaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň möhümdiginiň barha aýdyň ýüze çykýandygyny belledi. Energiýa serişdelerini iberijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasynda aýdyň we üýtgewsiz gatnaşyklaryň zerurdygy belli bolýar. Şu mesele boýunça öz garaýyşlaryny beýan etmek bilen, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň halkara derejesinde üstaşyr geçirilmegi deňhukukly we adalatly esasda amala aşyrylmalydyr, ykdysady we täjirçilik taýdan esaslandyrylan bolmalydyr diýen ýörelgeden ugur alýar.
Şeýle-de forumyň açylyş mejlisinde Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak, Horwatiýa Respublikasynyň Energetika ministri Iwan Wrdolýak, Ermenistan Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministri Ýerwand Zaharýan we ÝHHG-niň ykdysady hem-de ekologiki işleriň meseleleri boýunça utgaşdyryjysy Halil Ýurdakul Ýigitguden dagylar çykyş etdiler.
Umumy mejlisi tamamlap, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara üstünlikli hem-de netijeli işlemegi arzuw etdi we bu ýerde Ermenistan Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Ýerwand Zaharýany kabul etdi. Soňra milli Liderimiz “Oguzkent” myhmanhanasyndan ugrady.
Soňra forumyň işi dowam etdi. Bu ýerde “Gazy öndürijileriniň mümkinçilikleri”, “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek: meseleler we peýda”, “Çeşmeleriň diwersifikasiýasy we sarp edijileriň mümkinçilik ýollary” diýen mejlisler geçirildi.
Foruma gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, energetiki howpsuzlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar we energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge ymtylýandyklaryny mälim etdiler. Bu mazmunda energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasy we Energetika Hartiýasy ýaly halkara guramalarynyň tagallalarynyň we özara hereketleriniň utgaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenilip geçildi.
Forumyň jemleri onuň ýapylyş dabarasynda jemlenildi. Jemleýji çykyşlarda dünýäniň energiýa ulgamynda dörän ýagdaýa baha berildi, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň institusional - hukuk ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlary görkezildi. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Aşgabat forumynda başlanan işiň işjeň dowam etdirilmegini we onuň netijeleriniň 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetiki Hartiýasynda başlyklyk etjek döwründe öz beýanyny tapmagyny arzuw etdiler.