2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti K.Iwanow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini hem-de haryt dolanyşygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda ermeni bazarynda “Made in Turkmenistan” ýazgysy bolan türkmen senagat önümlerine gyzyklanmanyň ýokarlanýandygy bellenildi we iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň sanawyny baýlaşdyrmaga taraplaryň taýýardygy beýan edildi we bu ugurda Karen Iwanow Ermenistanda Türkmenistanyň söwda öýüniň açylmagyny goldaýandygyny aýtdy.
Söwda-senagat edarasynyň Wise-prezidenti, şeýle hem, Ermenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň 2024-nji ýylyň maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Azyk önümleriniň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýändigi barada habar berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar şeýle hem ulag-logistika infrastrukturasynyň meselelerini we täze logistika ugurlaryny ýola goýmak meselelelerini ara alyp maslahatlaşdylar.