icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 ýanwar 2017

391

Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty durmuşa geçirmek boýunça Toparyň birinji mejlisini geçirdi

2017-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty Maýa goýum boýunça toparyň, Söwda we tranzit boýunça toparyň, Energonetijeligi boýunça toparyň birikdirilmegi netijesinde döredilen durmuşa geçirmek boýunça Toparyň I mejlisini geçirdi.

Mejlisiň dowamynda Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty maýa goýum babatdaky meseleleriň çözülişine hem-de maýa goýumçylara päsgelçilik döredip biljek ýagdaýlary ýoldan aýyrmak we energetika goýulýan maýa goýumlaryň amala aşyrylmagy ýaly meselelerde çözgütleri kabul etmeklige amatly täsir edip biljek taslamalaryň amala aşyrylyşy barada ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika ulgamynda maýa goýuma ýardam bermeklik hem-de maýa goýumdan öňki döwründe bazara girmäge ýol bermek ýaly meselelerde taraplaryň borçlaryny kesgitlemek boýunça gepleşikler  alnyp baryldy. Şeýle hem wekiller energetika maýa goýum goýmakda ýüze çykýan töwekgelçilikleri kesgitlemekde wagtlaýyn synag taslamasynyň birinji tapgyry babatynda alnan maglumatlar barada maslahatlaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar halkara şertnamalar esasynda BMG-niň halkara söwda hukugy boýunça Komissiýasynyň wekiliniň gürrüň bermeginde BMG-niň maýa goýumçylaryň we döwletleriň arasyndaky arbitraž işiniň seredilişiniň açyklygy baradaky Konwensiýasy hem-de bu täze hukuk resminamasynyň halkara maýa goýumy goraýyş düzgününe edýän täsiri bilen ýakyndan tanyşdylar. Duşuşyk Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Ýewropa Bileleşiginiň energetika boýunça maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna goşýan saldamly goşandy hem-de Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň energonetijelik ýagdaýy baradaky maglumaty öz içine alýan tanyşdyrylyş bilen tamamlandy. Bu mejlis durmuşa geçirmek boýunça Toparyň ýylyň dowamynda meýilleşdirilen mejlisleriniň ýaňy bir birinjisi bolup durýar. Indiki mejlis 2017-nji ýylyň martyna meýilleşdirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi