Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylyň 4-nji aprelinde Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.