2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri Guramanyň Baş sekretarynyň ýörite wekili bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşyk gurnaldy.
Duşuşykda gatnaşyjylar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi – BMG-niň Ženewadaky edarasy meýdançasynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa boýunça halkara gün tertibiniň işi boýunça sebit merkeziniň potensialyny we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam etmekde syýasy we diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak işiniň öz wagtyndalygyny we möhümdigini bellediler
BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylaryny ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän sebit merkeziniň. sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde, terrorçylygy we zorlukly ekstremizme garşy göreşmekde serhetüsti suw serişdeleri, ýaşlar syýasaty, gender deňligi hem sebit merkeziniň ileri tutýan ugurlarynda alnyp barylýan diplomatik işler bilen tanyşdyrdy.