icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 mart 2017

1850

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2017-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanda Garlyk kaliý dag-magdan gaýtadan işleýji kombinatynyň açylyş dabarasy geçiriler. Iň häziki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu kombinat tutuş Aziýa sebitinde  türkmen himiýa senagatynyň esasy görkezijisi bolar.

Bu kompleksiň gurluşygy Türkmenistanyň kaliý duzlaryny öndürmekde we eksport etmekde dünýäde öňdäki orunda durýanlygyny tassyklaýar.

Ýakyn ýyllarda Kanada, Russiýa Federasiýasy we dünýäniň beýleki döwletleri ýurduň  kaliý gorlarynyň ösmegini üpjün ederler.

Bilermenler Garlyk ýatagynyň kaliý duzlaryna örän ýokary baha berýärler. Olaryň berýän ýokary bahalaryna görä, kombinatyň önümleri dünýä ülňülerine doly laýyk geler. Garlyk dag-magdan gaýtadan işleýji kombinatyň gurluşygynda durmuş infrastrukturasyna degişli ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr,  şol sanda bilim we lukmançylyk edarasy we medeni-dynç alyş merkezleriniň binalaryny öz içine alýar.

Garlyk kombinatynyň ulag-logistiki düzümi onuň esasyny düzýändir. Awtomobil we demir ýollary gurulyp, olar önümleri ulanyjylara Türkmenistanyň çägine we daşary ýurtlara ýetirmäge mümkinçilik berer.

Bellemeli zatlaryň biri hem, Garlyk dag-magdan gaýtadan işleýji kombinatynyň gurluşygy Türkmenistanyň hökümet serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylanlygydyr.

Bu iri kompleksiň gurulmagy Türkmenistanyň işläp düzen düýpli döwlet strategiýasynyň innowasion-tehnologiki gorunyň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi