2024-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Halkara söwda palatasynyň Ukrainanyň milli komiteti (ICC Ukraine) bilen bilelikde gurnalan Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysdyýet uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi T.Ataýew Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty barada aýdyp berip, «ykdysadyýetiň türkmen nusgasyna», daşary syýasatyň ýangyç-energetika, ulag, durmuş pudaklaryna, şeýle hem BMG, ÝUNESKO we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga üns çekdi.
Şeýle hem Durnukly ösüş maksatlary temasyny agzap, Ilçi ýaşlaryň ünsüni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň mart aýynda Türkiýede geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda eden çykyşynda aýdyň beýan edilen geçiş ykdysadyýetli ýurtlaryň halkara işlerine çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak çygrynda başlangyçlary we tagallalary, hususan-da Türkmenistanyň Dubaý şäherinde geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem-de türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Ukrainada bellenmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.