2024-nji ýylyň 19-njy martynda Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetinde Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe bagyşlanan «Türki dünýäsinde Nowruz» atly medeni çäre we konsert geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Azerbeýjanyň, Türkiýäniň akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de Bişkegiň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Giriş sözi bilen çykyş edip Ilçi N.Gölliýew Halkara Nowruz gününiň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda birnäçe çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Giriş sözi bilen çykyş edip Ilçi N.Gölliýew Halkara Nowruz gününiň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda birnäçe çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Esasy çäreleriň Ahal welaýatynyň «Nowruz ýaýlasynda» geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisiniň geçirilmeginiň we medeni-köpçülikleýin çykyşlaryň gurnalmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» hökmünde yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçiriljek ähmiýetli halkara çäreler hakynda habar berildi.