2024-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş Konsuly I.Gaýypow bilen «Nohostnews» hepdelik gazet we internet habarlar gullugynyň müdiri Ali Pakbaz Hosrowşahiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Garalan meseleleriň hatarynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri pudagynda özara gatnaşyklaryň geljegine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň barşynda doganlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösüşini şöhlelendirmek mümkinçilikleri we maglumat ulgamynda öňde goýlan maksatlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýaşlar syýasaty bilen müdir Ali Pakbaz Hosrowşahini tanyşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watan daýanjy» kitaby hödürlenildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilendigini we bu ýylyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni we ylmy çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda Eýranyň «Nohostnews» hepdelik gazet we internet habarlar gullugynyň wekilleri türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin çagyryldy.