2024-nji ýylyň 19-njy martynda Ženewanyň Milletler Köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň gurnamagynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi.
Çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysy T.Walowaýa, ÝUNESKO-nyň Ženewadaky bölüminiň ýolbaşçysy A.Tompson, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Azerbeýjanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Wengriýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanynda akkreditirlenen hemişelik wekilleri we diplomatlary gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň düzüm birlikleriniň, halkara hökümete dahylsyz guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Öz çykyşynyň dowamynda türkmen tarapy Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, onuň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, Watan söýgüsi bilen baglanyşykly garaýyşlary, häzirki bitewi türkmen döwletiniň we halkynyň döremeginde uly ähmiýete eýedigi aýratyn belledi. Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň esas goýujysy we dünýäniň medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde şahyryň orny nygtaldy.
Çärä gatnaşyjylar tarapyndan häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde şahyryň 300 ýyl mundan öň wagyz eden we BMG-niň ýörelgeleri bilen gabat gelýän parahatçylyk, dostluk, doganlyk, özara hormat goýmak, birlik ýaly garaýyşlarynyň derwaýyslygy bellenildi.
Sebitiň ýurtlarynyň wekilleri tarapyndan Magtymgulynyň eserleriniň diňe bir türkmen edebiýaty üçin däl, eýsem eserleri dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyny emele getirýän Firdöwsi, Rumy, Nyzamy, Nowaýy bilen bir hatarda dünýä edebiýaty üçin hem aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä bileleşigine tanatmak babatynda alnyp barylýan çäreleriň çäginde BMG-niň muzeýine we kitaphanasyna geçirmek maksady bilen Tükmenistanyň hemişelik wekilhanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň dürli dillere terjime edilen eserler ýygyndylary we beýik akyldaryň heýkeljikleri BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysyna gowşuryldy.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.
Duşuşygyň çäklerinde milli nagyşlara esaslanýan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi.