2024-nji ýylyň 21-nji martynda Mezon-Laffit şäherinde Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi.
Duşuşyga döwletara medeni hyzmatdaşlygynyň ösmegine we Fransiýa Respublikasynda türkmen medeniýetiniň ilerledilmegine ýardam berýän «Destan» hem-de «Fransiýa – Türkmenistan» assosiýasiýalarynyň, türkmen diasporasynyň wekilleri we şäher ilaty gatnaşdylar.
Mezon-Laffit şäheriniň häkimi Ž.Mýard öz çykyşynda geçen ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen Arkadag we Mezon-Laffit şäherleriniň arasynda dostluk Jarnamasynyň ähmiýetini hem-de medeni çäreleriň milletara dialogyny güýçlendirmekdäki we jemgyýetçilik durmuşyny baýlaşdyrmakdaky ornuny aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçisi M.Çaryýew Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berip, Magtymguly Pyragynyň türkmen halky üçin uly ähmiýete eýedigini, şahyryň eserlerinde öňe sürülen pikirleriň we gymmatlyklaryň ählumumydygyny hem-de häzirki zaman şertlerinde örän wajypdygyny nygtady.
Dabaranyň gün tertibi Magtymguly Pyragynyň goşgularyna esaslanýan halk sazlaryny we aýdymlaryny ýerine ýetirýän Arkadag şäheriniň aýdym-saz toparynyň konsertini, sungat ussady Teofil Şoke tarapyndan fransuz dilinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň çeper okalmagyny, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň, beýik şahyryň şygyrlarynyň fransuz dilindäki terjimelerinden bölekleriň, milli gymmatlyklaryň ýerleşdirilen serginiň gurnalmagyny öz içine aldy.
Türkmenistanyň Ilçisi Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga goşant goşan we şäheriň medeni durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülen çäräniň gurnalmagyna ýardam berendigi üçin şäher häkimine minnetdarlyk bildirdi.