2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky we Singapur Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew gulluk saparynyň dowamynda Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde ýurduň premýer-ministriniň Kanselýariýasynyň ministri Mohamad Maliki bin Osman bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda daşary syýasy edaralarynyň öňünde goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de berkidilmegine gönükdirilen maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak bilen bagly meselelere seredildi.
Ilçi B.Durdyýew Ministri şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli meýilleşdirilýän möçberli çäreler, şeýle hem «akylly» Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi barada tanyşdyrdy.
Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň möhümdigini bellediler we bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.
Ýangyç-energetika toplumy, ulag we logistika, himiýa pudagy, senagat, oba hojalygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Duşuşygy jemläp, Mohamad Maliki bin Osman türkmen tarapyna Singapur Respublikasynyň kandidaturasyna halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli goldawy üçin hoşallygyny bildirdi, Türkmenistan bilen özara gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy ugrunda goşandyny goşmaga taýýardyklaryny mälim etdi.