icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 aprel 2024

1998

Gündogaryň Beýik pelsepeçisi we şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan konsert

2024-nji ýylyň 7-nji aprelinde Russiýanyň  «Zurab Sereteli sungat galereýasy» çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynyň konsert zalynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň we Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwalynyň bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen dabaraly konsert geçirildi. Çäre türkmen şygryýetiniň beýik söz ussady we nusgawy şahyry, Gündogaryň pelsepeçisi we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

 Konserte Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik korpusunyň wekilleri, Russiýanyň medeniýet we sungat işgärleri, birnäçe döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Russiýanyň bilim edaralarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Konsertde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň medeniýet we sungat işgärleri çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda N.Halmämmedow, D.Öwezow, A.Pahmutowa, Ç.Nurymow, Eduardo Di Kapua, N.A.Rimskiý-Korsakow ýaly meşhur kompozitorlaryň aýdym-sazlar eserleri ýerine ýetirildi. Şeýle hem Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwalynyň sungat müdiri kompozitor M.Guseýnowyň döreden aýdym-sazlary awtoryň ýerine ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen konsert Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi