icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

19 aprel 2024

1255

Tbiliside Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň we Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň bilelikde gurnamagynda beýik akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Ilçisi D.Seýitmämmedow, Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik R.Metreweli, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşyrow, Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň müdiri Z.Abaşidze, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyň direktory D.Orazsähedow, Tbilisi döwlet uniwersitetiniň professory M.Jikiýa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktory R.Hojamyradow, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor B.Naçkebiýa, Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik bileleşiginiň başlygy M.Gonaşwili dagylar çykyş etdiler.

Çykyş edenler beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň dünýä sungatynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasyna öwrülendigini we adamzadyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga hyzmat edýändigini nygtadylar.

Çäräniň çäklerinde Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň neşirleriniň, şeýle hem amaly-haşam eserleriniň sergisi guraldy.

Halkara ylmy maslahaty Magtymguly Pyragy baradaky filmiň görkezilişi bilen tamamlandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi