icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 aprel 2024

1563

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan gurnalan halkara göçme forum öz işine başlady.

Forumyň işine Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar.

Maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlarynyň ösüşi, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlary çekmek, Türkmenistanyň gaz känlerinde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze tehnologiýalary, nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi.

Forum öz işini «Ählumumy energiýanyň geljeginde Türkmenistanyň orny», «Energetiki geçiş şertlerinde tebigy gaz önümçiliginiň mümkinçilikleri», «Uglewodorod önümçiliginde metanyň we uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri», «Energetiki geçiş üçin çig mal harytlar: täze meýiller we maýa goýum mümkinçilikleri», «Arassa energiýa ulgamyndaky we häzirki zaman infrastrukturasyndaky taslamalary öňe sürmekde maliýe institutlarynyň orny», «Türkmenistanyň gurluşyk, gazhimiýa, ulag we kommunikasiýalar ulgamlaryndaky täze taslamalaryna maýa goýumlary çekmek amallaryny çaltlaşdyrmak» atly bölümçelerde dowam etdi.

Iri kompaniýalar, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrandygy, şeýle hem ägirt uly taslamalary amala aşyryp bilýän ýurt hökmünde amatly geosyýasy ýagdaýy eýeleýän Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrandygy nygtaldy. Ýygnananlar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyryldy.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ýurdumyz ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin örän uly mümkinçilikleri döredýän kuwwatly serişdeler binýadyna eýedir. Dünýäde iri «Galkynyş» gaz käni häzirki wagtda anyk taslamalar bilen baglylykda, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, hususan-da, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin özleşdirilýär.

Forumyň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesi nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän we himiýa önümçiliklerinde parnik, kömürturşy gazlarynyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak hem-de toplamak bilen bagly tehnologiýalary bilen tanyşdyrdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde (BAE) geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny we ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň gatnaşyklary dowam etdirjekdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň arassa energiýany we geljegiň «ýaşyl» tehnologiýasyny işjeň ösdürýändigi bellenildi. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde 10 megawat kuwwaty bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekediniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Pikir alyşmalara gatnaşanlar forumyň işjeň häsiýete eýe bolandygyny, şeýle çäreleriň geçirilmegini dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, şu gezekki duşuşygyň energetika pudagynda netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmekde möhüm orun eýelejekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi