2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Seul şäheriniň Ýoňsan etrap häkimliginiň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Çärä «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, alymlar, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli we netijeli ösdürilýändigini bellediler. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň, onuň parahatçylygy, watansöýüjiligi, agzybirligi we dost-doganlygy ündeýän eserleriniň halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.
Soňra maslahata gatnaşyjylar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan suratlaryň, şahyryň şygyrlarynyň ýygyndylarynyň, türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary sergide aýratyn orun eýelediler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby sergä gatnaşanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.