2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Owganystanyň Mazari-Şarif şäherindäki Baş konsullugynyň guramagynda Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi.
Medeni çärä Farýap welaýatynyň birnäçe etraplarynyň ýolbaşçylary, Mazari-Şarif şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, türkmen we özbek diasporalaryndan magtymgulyşynas alymlar we ýaşlar, döredijilik işgärleri, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Mazari-Şarif şäherindäki Baş konsuly B.Kabaýew öz çykyşynda 2024-nji ýylyň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara we döwlet derejesinde geçirilýän çäreler barada belläp geçdi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň we Owganystanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli we netijeli ösdürilýändigini bellediler. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň, onuň parahatçylygy, watansöýüjiligi, agzybirligi we dost-doganlygy ündeýän eserleriniň halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.
Medeni çäräniň çäklerinde türkmen halkynyň milli egin-eşikleriniň, şaý-sepleriniň we amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy we Andhoý etrabynyň Magtymguly adyndaky okuw merkezinde okaýan ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň goşgulary diňlendi.