icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

22 maý 2024

664

Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji maýynda ABŞ-nyň Milli poçta muzeýinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Türkmenistan-ABŞ» Işewürlik geňeşi tarapyndan çykarylan poçta markasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi M.Orazow, «Türkmenistan-ABŞ» Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory E.Stýuwart, Milli poçta muzeýiniň müdiri E.Gruber, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary J.Pommerşaým, ABŞ-nyň Ak tamynyň Merkezi we Günorta Aziýa boýunça müdiri B.Todd, ABŞ-da akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalaryň, ylmy, bilim, medeni edaralaryň we amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan poçta markasynyň çykarylmagynyň we bu waka mynasybetli geçirilen dabaralaryň şahyryň döredijiligini ABŞ-da hem-de daşary ýurtlarda ýaýratmakda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanýan Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň eksponatlarynyň,  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungat eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy we türkmen bagşylarynyň çykyşlary ýerine ýetirildi.

2024-nji ýylyň 21-nji maýynda ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň Tomas Jeferson binasynda Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň ABŞ-nyň Smitson instituty we kitaphana bilen bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň wekiliýetiniň, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň, ABŞ-nyň Ak tamynyň, Smitson institutynyň, ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň, ABŞ-da akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdy.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny gowşurdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary üçin kitaphana boýunça gezelenç guraldy.

Şol gün Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» we «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň, şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymguly-Pyragynyň şygyrlarynyň täze ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi