icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

30 maý 2024

514

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň işine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 27-29-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Saglyk üçin hemme zat, saglyk hemmeler üçin» şygary astynda geçirilýän Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň işine gatnaşdy.

Türkmen tarapynyň çykyşynda ilatyň saglygyny goramak we ýurduň ähli raýatlary üçin ýokary hilli lukmançylyk kömegini deň derejede üpjün etmek ugrundaky Türkmenistanyň tagallalaryna üns çekildi.

Taraplar hödürlenen gün tertibiniň çäklerinde saglygy goraýyş pudagynyň, şol bir wagtyň özünde saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hemmetaraplaýyn gurşawyny üpjün etmek, häzirki zaman meselelerine, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, enäniň we çaganyň saglygy, 2030-njy ýyla çenli immunizasiýa boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi, adatdan daşary ýagdaýlarda saglygy goraýyş pudagynda täsirli goragy üpjün etmek bilen baglanyşykly häzirki zaman meselelerine, şeýle hem saglygy goraýyşy üpjün etmek proseslerine gönüden-göni täsir edýän durmuş, ykdysady we daşky gurşaw jähtlerine seredildi.

Assambleýanyň işi 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi