30 maý 2024
3724
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili bilen Human Rights Watch guramasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen hökümete degişli bolmadyk Human Rights Watch guramasynyň Ženewadaky edarasynyň müdiri Hilary Poweriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyk adam hukuklary çygrynyň häzirki zaman ugurlary boýunça geljekki hyzmatdaşlyk üçin taraplaryň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma döredýän meseleler, şeýle hem ynsanperwer ugurda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we görnüşleri boýunça pikir alyşyldy. Hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen taraplar Ženewanyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ylalaşdylar.
Başga habarlar
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
21
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
19
Sep
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
Ähli habarlary görmek