icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 iýun 2024

732

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili bilen Parahatçylyk institutynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Parahatçylyk uniwersitetiniň hemişelik synçysy, Ilçi Dawid Fernandez Puýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Parahatçylyk uniwersiteti bilen türkmen tarapynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek we  Aşgabatda Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek barada öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça özara hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçiliklere garadylar.

Ýokarda agzalan uniwersitetiň aýratynlyklaryny nazara alyp, durnuksyz halkara ýagdaýynyň häzirki zaman şertlerinde öz wajyplygyny subut edýän bitaraplyk syýasatyny öňe sürmek bilen baglanyşykly özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Ženewa meýdançasynyň çäginde bilelikdäki tematiki çäreleri geçirmek mümkinçiligine seredildi, şeýle hem indiki gepleşikleri Aşgabatda geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi