icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 iýun 2024

908

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda wideo aragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow, Koreýa Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, bu ýurduň Söwda, senagat we energetika ministri An Dokgyn ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda ykdysadyýet, himiýa, nebitgaz, saglygy goraýyş ýaly ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygy meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygy abratyn bellenildi. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň ykdysady gazananlaryny nazara almak bilen, söwda, maýa goýum we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly mümkinçilikleriň bardygy tassyklandy.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de berkitmekde iň ýokary we ýokary derejelerdäki geçirilýän duşuşyklara uly ähmiýet berilýändigi aýratyn nygtaldy.

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 9-njy mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi