2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Kiýewiň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda çeperçilik işleri boýunça geçirilen çäräniň jemleri jemlendi we «Türkmen sährasynyň mukamy» ady bilen XVIII asyryň görnükli türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi esasynda çekilen suratlaryň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň Magtymguly adyndaky kitaphanasy bilen bilelikde guramaklarynda geçirilen çärä Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň Mekdepden daşary işjeňlik merkeziniň «Мистецтвознавці» («Sungaty öwrenijiler») atly döredijilik gurnagynyň agzalary gatnaşdylar.
Bu döredijilik çärä gatnaşan 6 ýaşdan 15 ýaş aralygyndaky çagalar Pyragynyň watançylyk, söýgi, tebigat gözelligi, taryh we öz ömri bilen baglanyşykly ýazan şygyrlaryna gyzyklanma bildirip, awtoryň eserlerinden pursatlary kagyz ýüzüne geçirdiler.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň diplomatlary çärä gatnaşyjylara Hormat hatlaryny gowşurdylar hem-de öňe sürýän döredijilik başlangyçlary we olary durmuşa geçirmekde bitirýän hyzmatlary üçin Magtymguly adyndaky kitaphananyň direktoryna we çeperçilik gurnagynyň ýolbaşçysyna sagbolsun aýtdylar.
Soňra Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan wideofilm görkezildi. Şeýle-de ýaş suratkeşler üçin kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymgulynyň muzeýine gezelenç guraldy. Mälim bolşy ýaly, şu ýubileý ýylynda bu muzeýiň gaznasynyň üsti türkmen milli bezeg önümleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň täze görnüşleri, dünýäniň dürli dillerinde neşir edilen kitap önümleri bilen dolduryldy.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi Kiýewiň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda 2024-nji ýylyň 16-njy iýunyna çenli dowam eder.