icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

12 iýun 2024

893

Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň onunjy mejlisi Pariž şäherinde geçirilýär

2024-nji ýylyň 11-12-nji iýuny aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň Baş Assambleýasynyň onunjy mejlisi geçirilýär.

Iki günüň dowamynda gatnaşyjy döwletler bütin dünýäde janly mirasy gorap saklamak boýunça tagallalary ugrukdyrmak maksady bilen Konwensiýanyň wajyp meselelerine seretdiler. Gün tertibine Hökümetara Komitetiň we Sekretariatyň hasabatlary, 2024-2025-nji ýyllarda Maddy däl medeni mirasyň gaznasynyň ulanylyşy boýunça meýilnamalary, täze Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň akkreditasiýasy, 2023-nji ýylda Konwensiýanyň 20 ýyllygy boýunça hasabaty we Komitetiň 12 sany täze agzalarynyň saýlawlary degişli edilýär.

Gatnaşyjylar mejlisiň täze saýlanan başlygyny, Prezidiumyň agzalaryny we ýakynda Konwensiýa goşulan ýurtlary gutladylar. 17-nji we 18-nji mejlisleriň başlyklaryna netijeli iş alyp baranlary üçin minnetdarlyk bildirildi.

Bu mejlisler Türkmenistan üçin aýratyn üstünlikli boldy, «Türkmen keşdeçilik sungaty» we «Ahal-teke atçylyk sungaty we atlaryň bezegi däpleri» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawyna girizildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi