2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Tbilisi şäheriniň «Ahundowyň öýi» galereýasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda «Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen» atly fotosurat sergisi açyldy.
Çärä Gruziýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Gruziýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, professional suratçylar, medeniýet we sungat işgärleri, ylmy intelligensiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Surat sergisinde türkmen suratkeşleriniň Magtymgulynyň durmuşyndan täsirli wakalary gürrüň berýän 50-den gowrak eserleri görkezildi.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, bu serginiň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň has giňden tanyşmagyna, doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam berjekdigini nygtady.
Tbilisi şäheriniň Krtsanisi etrabynyň häkimi Beka Mikautadze türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli gutlady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň häzirkizaman türkmen-gruzin döwletara dialogynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi.
Surat sergisi 2024-nji ýylyň 2-nji awgustyna çenli dowam eder.