icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

16 awgust 2024

702

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäre gurady

2024-nji ýylyň 14-nji awgustynda Belarusyň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň – Dostluk öýüniň binasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy gurady.

Çärä Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Minskde akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, alymlar we medeniýet işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri we ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem habar beriş serişdeleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi Nazarguly Şagulýew we Belarusyň Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni gatnaşyklar jemgyýetiniň Prezidiumynyň Başlygy Nina Iwanowa gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

Gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyndaky we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmekdäki orny barada söhbet etdiler. Belarus terjimeçileriniň türkmen şahyrynyň goşgularyny dünýä dillerine terjime etmek işindäki möhüm goşandy hem aýratyn bellenildi.

Çäräniň çäklerinde tematiki wideoýazgylaryň, aýdym-saz kompozisiýalaryň görekizilişi, fotosuratlaryň we kitaplaryň sergisi gurnaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi