icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

23 awgust 2024

316

Kiýewde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi

2024-nji ýylyň awgust aýynda Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okalyşy geçirildi. Çärä häzirki zaman ukrain alymlary we şahyryň goşgularynyň terjimeçileri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Şahyryň goşgularynyň Kiýew şäheriniň merkezi seýilgähindäki Magtymgulynyň heýkeliniň ýanynda we Türkmenistanyň Ilçihanasynyň gözel ýerlerinde türkmen we ukrain dillerinde çeper okaýyşlar ýerine ýetirildi.

Türkmenistana bagyşlanan, türkmen halkynyň gahrymançylykly geçmişi we abadan geljegi barada ýazylan «Türkmeniň» goşgusy türkmen talyp ýaşlary tarapyndan Magtymgulynyň heýkeliniň ýanynda okaldy.

Şahyryň batyrlyga, dogruçyllyga, maksadaokgunlylyga, zähmetsöýerlige, ululara hormat goýmaga we milletiň agzybirligine çagyrýan goşgulary talyp ýaşlar tarapyndan çeper okaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi