icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

23 awgust 2024

401

Moskwa şäherinde türkmen şahyry we pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly konsert geçirildi

2024-nji ýylyň 21-nji awgustynda «Dostlary jemleýäris» atly XVIII halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly dabaraly konsert geçirildi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy, Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwalynyň sungat direktory M.Guseýnow we Moskwa döwlet konserwatoriýasy konsertiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Dabaraly çärä Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň we KHBS-iň wekilleri, tanymal medeniýet we sungat işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Konsert başlamazyndan ozal M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy L.Babaýewa «Magtymgulynyň mirasy we häzirki zaman saz sungaty» atly umumy sapagy bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew öz çykyşynda Russiýada Magtymgulynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýändigini nygtady. Bellenilşi ýaly, Moskwa, Sankt-Peterburg, Astrahan, Kazan – bu Russiýanyň çäklerinde geçirilýän we indi geçiriljek dabaraly çäreleriň geografiýasynyň doly sanawy däldir.

Türkmen aýdymçylarynyň we sazandalarynyň konsert maksatnamasyna M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýurdumyzyň beýleki ýörite sazçylyk mekdepleriniň sazandalarynyň we aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen wokal we instrumental eserler, şeýle hem türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyryna bagyşlanan kompozisiýalar girizildi. Konsert kompozitor M.Guseýnowyň «Magtymguly Pyragynyň monologlary» atly monooperasy bilen tamamlandy.

Konsert zalynyň eýwanynda kitaplaryň we suratkeşleriň eserleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi