icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

30 sentýabr 2024

388

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Duşanbe şäherinde resmi kabul edişlik geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Duşanbe şäherinde resmi kabul edişlik geçirildi.

Kabul edişlige Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki täjik-türkmen hökümetara toparynyň başlygy, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozoda, Täjigistan Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylygy we wekilleri, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň (Parlament) deputatlary, Täjigistan Respublikasynda akkreditlenen daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň,  iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, alymlar we medeni işgärler, žurnalistler we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradow öz gutlag sözünde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp asyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk däplerine esaslanýandygyny belledi.

Daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, täjik ylmy we medeni intellegensiýasynyň wekilleri türkmen tarapyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutladylar.

Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndylary we amaly-haşam sungatynyň nusgalary ýaýbaňlandyrylan sergi guraldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi