icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

16 oktýabr 2024

244

Astrahan şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Tegelek stola Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly (Astrahan ş.), Astrahan oblastynyň daşary gatnaşyklar ministriniň orunbasary, Russiýanyň DIM-iň Astrahan  şäherindäki wekilhanasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, şeýle-de W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde okaýan Türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Tegelek stolda sanly ulgam arkaly Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri hem çykyş etdiler.

Çärä gatnaşyjylar iki döwletiň arasyndaky ylym we medeni-ynsanperwer pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garadylar. Nygtalyşy ýaly, türkmen şygryýetiniň düýbüni tutujy beýik pelsepeçiniň baý döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna girizildi. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Astrahanda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiniň açylmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Çykyş edenler türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasyny we şahyrana diliniň gözelligini öz eserlerinde açyp görkezen, döredijiliginde her bir ynsana ýakyn ruhy gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyragynyň çuňňur paýhasyna eýe bolandygyny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi