icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

24 oktýabr 2024

656

Bişkekde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Bişkekde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna goşandy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Çärä Gyrgyzystanyň Daşary işler, bilim we ylym ministrleriniň orunbasarlary, Gyrgyzystanda akkreditlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary, ylmy intellegensiýanyň wekilleri, bilermenler, syýasatşynaslar, gözlegçiler we edebiýat söýüjileri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyna we sebitiň medeniýetine täsiri ara alnyp maslahatlaşyldy. Pyragynyň eserleriniň häzirki zaman nesillerine ylham bermegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmekde, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmekde 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda geçirilen Halkara forumyň ähmiýetini bellediler.

Maslahatda Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy dabarasy hem geçirildi. Çykyşlarda şahyryň goşgularynyň gyrgyz diline terjime edilmeginiň diňe bir Magtymguly Pyraga däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna bildirilýän uly hormatyň nyşany hökmünde kabul edilendigi nygtaldy.

Mundan başga-da, türkmen neşir önümleri, milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi