2017-nji ýylyň 22-nji maýy
«ÝB-Merkezi Aziýa: durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek» maslahaty Slowak Respublikasynyň ÝB-däki Hemişelik wekilhanasy we Täjigistan Respublikasynyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan 2017-nji ýylyň 18-nji martynda gurnaldy. Täjigistana aýratyn ünsi bermek bilen Merkezi Aziýadaky durnukly ösüşiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we ÝB we Merkezi Aziýanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkin bolan ýollaryny bellemek maslahatyň maksady boldy.
Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary d-r Urban Rusnak öz çykyşy bilen Merkezi Aziýadaky durnukly ösüşiň meselelerine öz goşandyny goşdy, şeýle hem maslahatda Täjigistanyň hökümetiniň wekili, ÝB-niň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝHHG-niň institutlarynyň wekilleri çykyş etdiler. D-r Rusnak Merkezi Aziýada DÖM-niň durmuşa geçirilmegi üçin esasy hökmünde 7-nji maksadyň wajyplygyny belledi. Ygtybarly milli energetika strategiýalary, kadalaýyn reformalary we sebitleýin hyzmatdaşlyk sebitde ekologiki ösüşiň we durnuklylygyň gazanylmagynda zerur bolup durýar. Şol sanda Baş sekretar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň anyk zerurlyklary bilen ÝB-niň strategiki gyzyklanmalaryny deňeşdirmekde Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň orny barada aýtdy.