2024-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Kappadokiýa sebitinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi.
Türkiýäniň dünýä meşhur Kappadokiýa syýahatçylyk sebitinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Türkiýäniň baýdaklary, şahyryň suraty ýerleşdirilen banner bilen bezelen ýylylyk howa şarlarynyň 300-si asmana uçuryldy.
Ýüzlerçe ýylylyk howa şarlarynyň Kappadokiýanyň meşhur gözel ýerlerinden uçuşy bir sagada golaý dowam etdi. Bu çäre Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklar assosiasiýasy (EkoAvrasya) tarapyndan belli bir şahsyýetiň hormatyna guralan şeýle möçberdäki ilkinji Howa festiwaly hökmünde hasaba alyndy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapyna degişli şahadatnama gowşuryldy.
Şeýle hem medeni çäreleriň çäklerinde «Güraý» taryhy muzeýiniň binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli surat sergisi guraldy.
Çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we EkoAvrasya birleşiginiň bilelikde guramagynda Türkiýäniň işewür düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan we Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň ýolunda» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi.
Çärä Türkiýäniň dürli sebitlerinden 100-den gowrak işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag, gurluşyk, maýa goýumlary we söwda ýaly ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekilleri bilen sebitiň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Soňra Newşehir şäherindäki Hajy Bektaş Weli uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň ahyrynda ähli talyplara Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby sowgat berildi.