23 ýanwar 2025
3923
GDA-nyň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň - 2025 Konsepsiýasy hödürlenildi
2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň birinji Geňeşi geçirildi.
Bu çärä GDA-nyň Baş sekretary, Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem agza döwletleriň Ilçileri gatnaşdylar.
Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulyýew gatnaşyjylary «Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy» bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem, Geňeşiň agzalary 2024-nji ýyldaky işleriň netijelerini jemlediler we Geňeşiň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyny tassykladylar.
Başga habarlar
19
Sep
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
18
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti IAEA-nyň 70-nji Baş konferensiýasyna gatnaşýar
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
17
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16
Sep
Ýerewanda durnukly ulgamy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirildi
Ähli habarlary görmek