2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2025-nji ýylyň şygaryna we bu ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan medeni çäre geçirdi.
Çärä Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygynyň orunbasary Nino Silosani, Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidenti, akademik Roin Metreweli, Gruziýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy intelligensiýasynyň, şeýle-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň başynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň başlygy, Şota Rustaweli adyndaky baýragyň eýesi Makwala Gonaşwilä Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmäge goşan goşandy üçin «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny gowşurdy. Öz çykyşynda M.Gonaşwili öz zähmetine berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, giň okyjylar köpçüligine niýetlenen eserde beýik söz ussadynyň edebi mirasy, onuň dünýä medeniýetine goşan uly goşandy, şahyryň ýubileýi mynasybetli geçirilen çäreler, şeýle-de Türkmenistanyň dürli ugurlarda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada söz açylýandygy nygtaldy.
Şunda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine, bu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine aýratyn üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy.