icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

14 fewral 2025

821

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy Gazak milli oba hojalyk gözlegleri uniwersitetinde bellendi

2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda Almaty şäheriniň Gazak milli oba hojalyk gözlegleri uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäre guraldy.

Çäräniň açylyş dabarasynda uniwersitetiň ýolbaşçylary, hormatly myhmanlar we türkmen talyplary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen we dünýäniň onlarça ýurdunyň awtordaşlygynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti bellenildi.

Munuň özüniň Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde barha artýan ornuny görkezýändigi bellendi.

Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri barada ýörite taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

Türkmen talyplary tans kompozisiýalaryny ýerine ýetirdiler. Magtymguly Pyragynyň goşgulary okaldy hem-de türkmenleriň “Küşdepdi” milli tansy ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.

Dabaradan soň türkmen diplomatlarynyň Gazak milli oba hojalyk gözlegleri uniwersitetiniň rektory, Gazagystan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Ahylbek Kurişbaýew we uniwersitetiň mugallymlary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda 2025-nji ýylyň dowamynda bilelikde çäreleri geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi