icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

19 mart 2025

442

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan ýollanan çakylyk haty Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine gowşuryldy

2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň diwanynyň ýolbaşçysy Araik Arutýunýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Ilçi A.Arutýunýana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana ýollanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna çakylygy gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy meselelerine garadylar we bu ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Şonuň bilen birlikde, möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmeginiň 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygy bellenildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanyp iki ýurduň arasyndaky söwdany ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi