2025-nji ýylyň 18-21-nji marty aralygynda Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli Ukrainadaky türkmen talyp ýaşlary we Türkmenistanyň Kiýewdäki Ilçihanasynyň wekilleri medeni çäräni – görnükli şahsyýetleriň we nusgawy şahyrlaryň goşgularynyň çeper okalyşyny geçirdiler.
Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgy eserleri okaldy. Bu şygyrlar Garaşsyz ýurdumyzyň parahatçylyk, bitaraplyk we dost-doganlyk ýörelgelerine, umumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän başlangyçlara we ähliumumy adamzat gymmatlyklaryna esaslanýar.
Medeni çäräniň çäklerinde görnükli, nusgawy türkmen şahyrywe akyldary Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” goşgusyny dünýäniň dürli dillerinde çeper okamaga aýratyn üns berildi.
Çärä gatnaşyjylar “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň” esasyny düzýän halklaryň arasyndaky dost-doganlygy we medeni dialogy berkitmegiň, parahatçylyk we ynanyşmak pikirlerini öňe sürmegiň möhümdigini bellediler.