icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

24 mart 2025

372

Halkara Nowruz gününiň Tbilisi şäherinde bellenildi

2025-nji ýylyň 22-nji martynda Tbilisi şäheriniň taryhy merkezi bolan Abanotubanide Tbilisi şäher häkimliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Türkiýäniň Ilçihanalarynyň, şeýle hem diasporalaryň we medeniýet merkezleriniň gatnaşmaklarynda bahar baýramy bolan Halkara Nowruz güni giňden bellenildi.

Çärä gatnaşyjylary Tbilisi şäher häkimi Kaha Kaladze, şäher geňeşiniň Başlygy Giorgi Tkemaladze, şeýle hem ýakarda atlary agzalan ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan diwarlyklary çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Milli äheňde bezelen Türkmenistanyň Ilçihanasynyň pawiliony Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny, şeýle-de milli egin-eşikleri, şaý-sepleri, elde dokalan nepis haly önümlerini, suratlary, sowgatlyklary, milli tagamlary we süýjülikleri özünde jemledi.

Türkmenistanyň Ilçisi D.Seýitmämmedow özüniň çykyşynda Nowruzyň türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidigini, iň gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň, Watana bolan söýginiň halkymyzyň medeniýetiniň binýadyny emele getirýändigini belledi. Ol Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň bu baýramçylygy belleýän halklary ýakynlaşdyrýandygyny we medeni-ynsanperwer ýörelgeleriniň hem-de gatnaşyklaryň dabaralanmagyna ýardam berýändigini belläp geçdi. Ilçi çäräni gurnaýjylara minnetdarlygyny bildirdi we hemmelere saglyk, bagt, parahatçylyk hem-de gülläp ösüşi arzuw etdi.

Baýramçylyk çäresi konsert bilen tamamlandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi