icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

26 mart 2025

483

Buharest şäheriniň muzeýinde türkmen halysynyň sergisi açyldy

2025-nji ýylyň 25-nji martynda Buharest şäherindäki Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň guramagynda “Asman nepisligi – türkmen halysy” atly türkmen halylarynyň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Sergi “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna”, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Çärä Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Rumyniýanyň parlamentiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary, akademiýanyň we hususy pudagyň wekilleri, Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretary Diana Baçuna, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamammet Annaýew giriş sözi bilen çykyş etdiler.

Türkmen el halylarynyň özboluşlylygy we haly önümlerini dokamagyň aýratynlyklarynyň asyrlar boýy seresaplylyk bilen saklanylyp gelinendigi bellenildi. Halylaryň gadymy nusgalar köp ýurtdaky muzeýlerde, sergi zallarynda we sungat galereýalarynda eksponat hökmünde ýerleşdirilendir. Türkmen halysy türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, ýer ýüzündäki şöhratyny dowam etdirýär.

Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO-nyň hünärmenleri tarapyndan haly dokamak däpleriniň dünýäniň medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edilmegi onuň giňden ýaýramagyna goşant goşýar.

Sergide diňe bir haly önümleri däl, eýsem türkmen halkynyň medeni mirasyny görkezýän suratlar, ýüpek önümleri we milli şaý-sepler hem görkezildi. Seýrek haly önümlerine sergide aýratyn ýer berildi.

Buharest şäherindäki Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýinde türkmen halysyna bagyşlanyp geçirilen sergi 31-nji marta çenli dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi