2017-nji ýylyň 11-nji awgustynda Gambiýa Respublikasy Halkara Energetika Hartiýasyna gol çekdi we Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda synçy statusyny aldy. Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gambiýanyň Nebit we energetika ministrliginiň üstünden Gambiýanyň Hökümetiniň agzalary tarapyndan syýasy tassyknama we güwänama aldy.
Halkara Energetika Hartiýasyna gatnaşmak baradaky karary bilen Gambiýanyň Hökümeti Gambiýanyň we Halkara Energetika Hartiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän global energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we berkidilmegine ygrarlydygyny gökezdi. Gambiýa özüniň energetika sektoryna maýa goýumlary çekmek üçin özüniň energetika çygryny we syýasatyny işjeňleşdirmek hyjuwyny bildirdi.