icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

12 mart 2026

295

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň agzasy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň deputaty Takuma Miýadzi, «Akhal-teke Affinity Co. LTD» ýapon ykdysady jemgyýetiniň baş direktory, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Miçiko Aoe we ýapon atşynaslary gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýapon tarapy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurtda we daşary ýurtlarda geçirilýän giň gerimli çäreler, şeýle hem ýurduň atçylyk ulgamyndaky syýasaty bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykdan soň gatnaşyjylar Tokio atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän Ahalteke bedewiniň heýkeline baryp gördüler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi