img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
20 mart 2026
94

Baku şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanyp gurnalan çärelere “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary gatnaşdy

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen edebiýaty merkezinde hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ýaşlar we sport ministrliginiň Respublikan ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlygy Atçylyk sporty boýunça çagalar we ýaşlar sport mekdebinde gurnalan maslahatlara we duşuşyklara Türkmenistanyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary gatnaşdy.

Bu çäreler Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli mirasyny saklamak we ony baýlaşdyrmak babatynda amala aşyrýan taýsyz tagallalary netijesinde, 2026-njy ýyly – “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly ýyl diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Türkmen edebiýaty Merkezinde geçirilen maslahatyň çäklerinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary, türkmeniň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan kitap sergisi bilen, şeýle hem türkmen edebiýatyny öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan ylmy işler bilen tanyşdylar. Onda Merkeziň jogapkär ylmy işgärleri Ismihan Osmanly we Töhfe Talybowa myhmanlara türkmen edebiýatynda wasp edilýän, türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke atlary hakynda azerbaýjan ýaşlaryna gürrüň berýändiklerini, wagyz edýändiklerini aýtdylar. Bu işiň çäklerinde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da», “Ahalteke bedewi ‒ biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Ganatly bedewler” ýaly Ahalteke atlary barada ýazan edebi eserleri azerbaýjan okyjylarynyň arasynda uly gyzyklanmalar döredýändigini aýratyn bellediler.

Respublikan ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlygy Atçylyk sporty boýunça çagalar we ýaşlar sport mekdebinde geçirilen duşuşygyň çäklerinde, “Galkynyş” toparynyň agzalaryny mekdebiň taryhy, okuw-terbiýeçilik işi, maddy-enjamlaýyn binýady hem-de azerbaýjanly türgenleriň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem, taraplar çapyksuwarlary, tälimçileri we atçylyk ulgamynyň hünärmenlerini taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, bilelikdäki ussatlyk sapaklaryny, okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny we ylmy-amaly çäreleri geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmeniň däp bolan jigitçilik mekdebiniň tejribesini häzirki zaman taýýarlyk usullary bilen utgaşdyrmagyň atçylyk sportunyň mundan beýläk-de ösmegine we iki ýurduň arasynda degişli hyzmatdaşlygyň berkemegine ýardam berjekdigi hem duşuşykda aýratyn bellenildi.

Şeýle görnüşdäki saparlaryň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, medeni alyş-çalyşy ösdürmäge we milli däpleri, şol sanda at üstündäki oýunlaryň özboluşly sungatyny wagyz etmäge ýardam berýändigi hem nygtaldy.