img
img
img
img
25 mart 2026
91

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan «Medeniýetleriň şahyrana dialogy» guraldy

Her ýylyň 21-nji martynda bellenýän Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli, Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan Ukrainadaky türkmen diasporasynyň we Ilçihananyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Medeniýetleriň şahyrana dialogy» atly goşgy okamak marafony geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň meşhur nusgawy şahyrlary bolan Magtymguly Pyragynyň, Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, şeýle hem Taras Şewçenkonyň, Lesýa Ukrainkanyň we Wladimir Sosýuranyň eserleri ýaňlandy. Goşgularda ruhy gymmatlyklar we ynsanyň tebigat bilen arabaglanyşygy baradaky meselelere aýratyn orun berildi.

Marafonyň iň täsirli pursady Magtymguly Pyragynyň goşgusynyň ukrain dilindäki terjimesiniň Kiýew şäherindäki akyldar şahyryň ýadygärliginiň öňünde okalmagy boldy. Şygryýetdäki bedewiň we ýigidiň keşbi Türkmenistanda yglan edilen 2026-njy ýylyň şygary – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» bilen özboluşly utgaşdy. Bu çäre nusgawy şygryýetiň halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary we dostlugy berkitmekdäki uly ornuny ýene bir gezek subut etdi.